Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Türkiýe bilen serhetde söweş gidýär


Britaniýada ýerleşýän Siriýada adam hukuklaryny goramak boýunça gurama 13-nji dekabrda Siriýanyň Türkiýe bilen demirgazyk-gündogar serhediniň golaýynda kürt söweşijileriniň “Yslam döwletiniň” 16 sany söweşijisini öldürendigini habar berdi.

Synçy guramanyň aýtmagyna görä, “Yslam döwletiniň” Hasakeh welaýatynyň Ras al-Ain şäheriniň günortasyndaky pozisiýalaryna hüjüm edilipdir.

Şeýle-de çaknyşyklaryň Ras al-Ainden 100 kilometr uzaklykda “Yslam döwletiniň” söweşijileriniň gabawyndaky serhetýaka Kobani şäherinde-de bolandygy habar berilýär.

“Yslam döwletiniň” söweşijileri Siriýada we Yrakda birnäçe aýyň dowamynda uly giňişlikleri basyp alansoň sentýabryň ortalarynda Kobani şäherine hüjüme başladylar.

Emma olaryň hüjümlerine kürtleriň Milli goranyş birliginiň we Peşmerga toparynyň söweşijileri tarapyndan gaýtawul berilýär, kürtlere ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara koalisiýasy howa zarbalary bilen ýardam berýär.

Ras al-Ain şäheri geçen ýylda güýşli çaknyşyklaryň merkezi bolup, kürt söweşijileri gozgalaňşçylary serhet ýakasyndan gysyp çykarypdy.

XS
SM
MD
LG