Sepleriň elýeterliligi

Rus harby uçary ýolagçy uçara golaý geçdi


Orsýetiň Su-34 kysymly söweş uçary Norwegiýanyň howa güýçleriniň uçary bilen bilelikde, 31-nji oktýabr, 2014.

Orsýetiň Su-34 kysymly söweş uçary Norwegiýanyň howa güýçleriniň uçary bilen bilelikde, 31-nji oktýabr, 2014.

Orsýetiň harby uçarynyň ýolagçy uçaryň golaýyndan geçmegi bilen bagly ýene bir waka boldy.

13-nji dekabrda Şwesiýanyň goranmak resmileri ýurduň gündogarynda Orsýetiň harby uçarynyň 12-nji dekabrda Daniýanyň paýtagty Kopengagenden uçan ýolagçy uçar bilen tas çaknyşandygyny habar berdiler.

Swesiýanyň howa güýçleriniň ýolbaşçysy general-maýor Mikael Byden Orsýetiň harby uçarynyň uçary radar bilen anyklamaga mümkinçilik berýän transponder ýörite guralyny işletmändigini aýtdy.

Swesiýanyň goranmak ministri Peter Hultkwist bu wakany “çynlakaý” we “ýolberilmesiz” diýip atlandyrdy.

“Transponderi öçürseňiz örän howply ýagdaý döreýär”, diýip Hultkwist Şwesiýanyň radiosyna aýtdy.

Hultkwist bu ýagdaýa jogap hökmünde Daniýanyň we Şwesiýanyň harby uçarlarynyň howa galandygyny habar berdi. Bu waka Günbataryň we Orsýetiň arasynda Ukrainadaky konflikt bilen baglylykda dartgynlylygyň dowam edýän wagtynda ýüze çykdy.

Orsýet boýun gaçyrýar

Orsýetiň Goranmak ministrligi öz harby uçarynyň 12-nji dekabrda Swesiýanyň howa giňişligine girmegini ret etdi.

TASS agenligi Goranmak ministrliginiň metbugat-wekili general-maýor Igor Konaşenkowa salgylanyp, Orsýetiň uçarynyň “öz uçuşyny halkara howa giňişligine degişli düzgünlere laýyklykda amala aşyrandygyny we beýleki ýurtlaryň serhetlerini bozmandygyny, raýat uçar gatnawynyň amala aşyrylýan ýollaryndan howpsuz distansiýada bolandygyny” habar berdi.

Agzalan ýolagçy uçaryň Polşa tarap barandygy habar berildi, emma onuň haýsy kompaniýa tarapyndan dolandyrylandygy we uçaryň içinde näçe ýolagçynyň bolandygy mälim edilmedi.

Mart aýynda Orsýetiň harby uçary transponder guralyny işletmezden amala aşyran uçuşynyň netijesinde Kopengagenden uçan ýolagçy uçaryň 100 metr gapdalyndan geçipdi.

Çaknyşyga ýakyn

Byden soňky wakanyň mart aýynda bolan waka ýaly howply bolmandygyny belledi.

Dekabr aýynda Polşanyň goranmak ministri Tomasz Siemoniak Orsýetiň harbylarynyň Baltiýa deňziniň golaýynda öň görülip-eşidilmedik derejede aktiwleşendigini aýtdy.

Ministr NATO-nyň agzasy bolan Polşanyň hüjüm howpunyň astynda däldigini belledi we Orsýetiň harby hereketleriniň NATO-nyň güýçleriniň reaksiýa görkezmäge taýýarlyk derejesini synamak üçin edilýändigini çak etdi.

Noýabr aýynda çap bolan hasabatda Ukrainanyň daşyndaky dartgynlylyk bilen baglylykda Orsýetiň we Günbataryň arasynda “harby çaknyşyklara ýakyn ýagdaýlaryň” ähtimallygynyň güýçlenendigi aýdylýar.

Aladaly äheň

Howpsuzlyk meseleler boýunça “European Leadership Network” guramasynyň hasabatynda soňky sekiz aýyň dowamynda ýüze çykan 40 çemesi howply ýa çylşyrymly waka barada, şol sanda 3-nji martda Orsýetiň aňtaw uçarynyň we Kopengagenden Rime 132 ýolagçyny alyp baran SAS kompaniýasynyň uçarynyň çaknyşmaga ýakyn bolandygy aýdylan wakasy barada habar berilýär.

Maglumatda şol wakalaryň Baltiýa we Gara deňizlerden ABŞ-nyň we Kanadanyň serhetlerine çenli “örän giň geografik regionda” “howa giňişliginiň bozulmagyna we beýleki howply hereketlere degişli örän aladaly äheň berýändigi” bellenýär.

XS
SM
MD
LG