Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Nazarbaýew Russiýa gyýtaklaýyn duýduryş berdi


Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri gazak paýtagty Astanada duşuşdylar. 15-nji dekabr, 2014 ý.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri gazak paýtagty Astanada duşuşdylar. 15-nji dekabr, 2014 ý.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri 15-nji dekabrda Gazagystanyň paýtagty Astanada duşuşýarlar.

Gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýew Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy “syýasy ähmiýeti we ykdysady güýji gazanmagy başardy” diýip, guramanyň sessiýasyny açdy.

“Gurama ilki bilen bu gurama agza ýurtlaryň arasynda territorial dawalary ýok etmek, durnuklylygy saklamak we häzirki zamanyň üç duşmany: separatizme, ekstremizme we terrorizme garşy göreşmek tagallalary ugrunda işleýär” diýip, Nazarbaýew belledi.

Nazarbaýewiň bu çykyşynda Ukrainanyň Krym sebitini anneksiýa eden we gündogar Ukrainadaky orsparaz separatistlere goldaw beren Russiýa gyýtaklaýyn duýduryş berilýär.

Gepleşikleriň öňýanynda, Russiýanyň premýer-ministri Dmitriý Medwedew hytaýly kärdeşi Li Kekiang (Li Keqiang) bilen duşuşdy.

XS
SM
MD
LG