Sepleriň elýeterliligi

“HRW”, “AI” Russiýa çagyryş etdi


Adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” we “Amnesty International” guramalary Russiýanyň resmilerine Çeçenistanda adam hukuklaryny gorap çykyş edýän aktiwistlere garşy amala aşyrylýan “yzarlamalar” diýip häsiýetlendiren kampaniýasyny bes etmek üçin çäre görmäge we olaryň goraglylygyny üpjün etmäge çagyryş etdiler.

Adam hukuklaryny goraýan iki toparyň 15-nji dekabrda çykaran beýanaty “Gynamalaryň öňüni almak baradaky komitetiň” Groznydaky bölüminiň edara jaýy otlanandan iki gün soň ýaýradyldy.

Çeçen paýtagtyndaky şol wakada “Gynamalaryň öňüni almak baradaky komitetiň” iki işgäri ýaragly adamlar tarapyndan yzarlanyp, polisiýa tarapyndan ençeme sagat tussag edildi hem-de olaryň şahsy kompýuterleri we mobil telefonlary konfiskasiýa edildi.

Kreml tarapyndan goldanylýan çeçen lideri Ramzan Kadyrow 4-nji dekabrda Groznyda amala aşyrylan ýaragly hüjümi gürrüňi gidýän komitetiň ýolbaşçysy Igor Kalýapiniň maliýeleşdirmäge kömek edendigini güman edýär.

XS
SM
MD
LG