Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rublyň derejesi iň pes derejesine düşdi


Rus rublynyň hümmeti amerikan dollaryna we ýewro görä täze iň pes derejesine düşdi.

15-nji dekabrda irden Moskwanyň pul alyş-çalyş nokatlarynda 1 amerikan dollary 58,2 rubl, 1 ýewro 71,5 rubl derejesinde boldy.

2014-nji ýylda rus rublynyň amerikan dollaryna görä hümmeti 40%-den hem gowrak pese gaçdy. Rus rublynyň hümmetiniň pese gaçmagy bilen baglanyşykly bu çäräniň aglabasy Russiýanyň Ukrainadaky hereketleri üçin Birleşen Ştatlar, Kanada, Ýewropa Bileleşigi we beýleki Günbatar ýurtlary Moskwa garşy sanksiýalary girizenden soň boldy.

11-nji dekabrda Russiýanyň merkezi banky özüniň ýyllyk göterim derejesini 9,5%-den 10,5%-e çykarypdy. Bu san mart aýynda 5,5%-e barabardy.

XS
SM
MD
LG