Sepleriň elýeterliligi

Awstraliýa: Zamunlar kafede saklanylýar


Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki kafede ýaragly adam umumy sany takyk belli bolmadyk adamlary dört sagatdan bäri zamunlykda saklaýar.

15-nji dekabrda telewideniýede görkezilen maglumatda ellerini ýokary galdyryp, penjiräniň arka ýüzünde duran azyndan üç adam we ýüzüne arap harplar bilen ýazylan gara baýdak görünýär.

Waka şaýat bolanlar ok sesi ýaly bolup eşidilýän güýçli gümpüldi sesini eşidýändiklerini, emma henize çenli hiç kimiň ýaralanmandygyny habar berýärler.

Awstraliýanyň premýer-ministri Tony Abbot (Tony Abbott) wakanyň syýasy maksatly bolmagynyň mümkindigini aýtdy we regional polisiýa komissary Andrew Ssipion (Andrew Scipione) munuň “terrorizm wakasy bilen utgaşykly” ýüze çykandygyny belledi.

Metbugat serişdeleriniň maglumatyna görä, adamlary zamunlykda saklaýan ýaragly adam premýer-ministr Abbot bilen gepleşikleri geçirmegi talap edýär. Emma ýurduň polisiýasy heniz bu barada maglumat bermejekdigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG