Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk polisiýasy reýdleri geçirdi


Türkiýäniň polisiýasy oppozision partiýalar bilen ýakyn ilteşiginiň bardygyny aýdyp, ýurduň metbugat gulluklaryna ençeme reýdleri geçirdi.

14-nji dekabrda amala aşyrylan reýdlerde azyndan 24 adam tussag edildi. Olar “ýurduň özygtyýarlylygyny ele salmak üçin topar döretmekden” başlap, “gorkuzmalary we haýbatlary” amala aşyrmak, “galpçylyk” we “töhmet atmak” ýaly dürli aýyplamalar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Tussag edilenleriň arasynda “Zaman” neşiriniň baş redaktory we “Samanýolu” telewideniýe merkeziniň ýolbaşçysy dagylar bar. Gürrüňi gidýän telewideniýe merkeziniň başlygy bilen Birleşen Ştatlarda ýaşaýan musulman ruhanysy Fethullah Güleniň arasynda gatnaşyklar bolup, bu ruhany Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň ýiti garşydaşydyr.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogerini we Bileleşigiň giňelmek boýunça komissary Ýohannes Hahn (Johannes Hahn) tussag edilmeleriň “Ýewropanyň gymmatlyklaryna garşy gelýändigini” aýtdy.

XS
SM
MD
LG