Sepleriň elýeterliligi

Azeri oppozisiýasy ýöriş geçirdi


Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda geçirilen ýörişde azeri oppozision aktiwistleri we olaryň tarapdarlary hökümete syýasy tussaglary boşatmaga we repressiýany bes etmäge çagyryş etdiler.

Resmi taýdan rugsat berlen bu demonstrasiýa 1 500 çemesi adam gatnaşdy. Demonstrasiýa oppozision “Musawat” partiýasy tarapyndan guramalaşdyrylyp, azeri paýtagtynyň etegindäki “Mahsul” stadionynda geçirildi.

“Musawat” partiýasynyň lideri Isa Kambar, eger prezident Ylham Aliýew syýasy tussaglary “ýakynda” azatlyga goýbermese, “Musawat” partiýasy öňümizdäki tomus Bakuwda geçiriljek “Ýewropa oýunlarynyň halkara derejesinde boýkotirlenmegi üçin çagyryş eder” diýdi.

Şeýle-de, protestçiler “azatlyk” diýen şygarlary gygyryp, ýurtda erkin saýlawlaryň geçirilmegi üçin çagyryş etdiler.

XS
SM
MD
LG