Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Hüjümde 104 adam öldi


Pakistanyň Peşawar şäherindäki mekdebe amala aşyrylan hüjümde ýaralanan mekdep okuwçysy saglyk bejergisini alýar.
Pakistanyň Peşawar şäherindäki mekdebe amala aşyrylan hüjümde ýaralanan mekdep okuwçysy saglyk bejergisini alýar.

Pakistanyň ýokary derejeli resmisi söweşijiler tarapyndan ýurduň Peşawar şäherindäki mekdebe amala aşyrylan hüjümde 104 adamyň, şol sanda 84 çaganyň öldürilendigini habar berýär.

Bu barada ýurduň harbylary tarapyndan dolandyrylýan mekdebe ýaragly adamlar girip, mekdepde ok atyşyklaryň we partlamalaryň sesi eşidilenden birnäçe sagat soň, welaýatyň baş ministri Perwez Hattak mälim etdi.

Hattak “Birleşdirilen harby keselhanasynda” 60 çemesi, “Lady Reading” keselhanasynda 24 adamyň ölüsiniň bardygyny habar berdi. Şeýle-de, ol hüjümde ýene şonça adamyň ýaralanandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Hökümet we keselhana resmileriniň beren başlangyç maglumatynda hüjümde 20 çemesi adamyň ölendigi mälim edilipdi.

XS
SM
MD
LG