Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: 200-e golaý adam öldürildi


Siriýadaky raýat urşuna gözegçilik edýän topar yslamçy söweşijiler ýurduň demirgazyk-günbataryndaky iki harby bazany ele salan mahaly, 24 sagadyň dowamynda 200-e golaý adamyň öldürilendigini habar berýär.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän Siriýanyň Adam hukuklary boýunça obserwatoriýasy “Wadi Deif” bazasynda bolan iki günlük uruşda Siriýanyň hökümet güýçlerinden 100 çemesi esgeriň we 80 töweregi söweşijiniň öldürilendigini aýdýar.

“Wadi-Deif” we “Hamidiýeh” harby bazalary 15-nji dekabrda “Al-Kaýda” bilen ilteşikli “Al-Nusra frontunyň” agzalary we beýleki yslamçy toparlar tarapyndan ele salnypdy.

Söweşijiler Damaskdan Aleppo tarap gidýän uly gara ýoluň ugrunda ýerleşýän “Wadi Dief” harby bazasynyň daş-töweregini eýýäm iki ýyldan gowrak wagt bäri gurşap alypdy.

XS
SM
MD
LG