Sepleriň elýeterliligi

Gazak aklawçysy keselhanadan boşadyldy


Gazagystanda ruhy näsazlyklar keselhanasyna zor bilen ýerleşdirilen aklawçy Zinaida Muhtarowa hassahanadan goýberildi.

Muhtarowa 15-nji dekabrda Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda özüniň hepdäniň her iş güni keselhana baryp, saglyk bejergisini almak şerti bilen goýberilendigini aýtdy.

Şeýle-de, Muhtarowa keselhanadan özüniň wagtlaýynça goýberilendigini, ýöne öňümizdäki ýyl hemişelik boşadylmagy umyt edýändigini belledi.

Ol ýokary derejeli resmä garşy şikaýat arzasyny gozgandan soň, ýolbaşçylar tarapyndan öz ruhy saglyk ýagdaýynyň derňelip başlanandygyny aýdyp, özüniň syýasy maksatly kampaniýanyň pidasy bolandygyny nygtaýar.

XS
SM
MD
LG