Sepleriň elýeterliligi

Rublyň derejesi iň pes derejesine ýetdi


Moskwada pul alyş-çalyş derejesini görkezýän gural.

Moskwada pul alyş-çalyş derejesini görkezýän gural.

Rus rublnyň hümmeti amerikan dollaryna we ýewro görä pese gaçmagyny dowam etdirdi.

16-njy dekabrda Moskwanyň pul alyş-çalyş nokatlarynda 1 amerikan dollary 66 rubl, 1 ýewro 82 rubl derejesinde boldy.

1998-nji ýyldan bäri rus rublnyň hümmeti amerikan dollaryna görä ilkinji gezek şeýle derejede pese gaçdy. 15-nji dekabrda Russiýanyň Merkezi banky özüniň ýyllyk göterim derejesini 10,5%-den 17%-e çykarýandygyny mälim etdi.

Rus rublnyň hümmetiniň pese gaçmagy bilen baglanyşykly bu çäräniň aglabasy Russiýanyň Ukrainadaky hereketleri üçin Birleşen Ştatlar, Kanada, Ýewropa Bileleşigi we beýleki Günbatar ýurtlary Moskwa garşy sanksiýalary girizenden soň boldy.

XS
SM
MD
LG