Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“SRG”: 66 žurnalist öldürildi


Birleşen Ştatlaryndan habarçy James Folley (çepde).
Birleşen Ştatlaryndan habarçy James Folley (çepde).

“Reporters Without Borders” (RWB), ýagny “Serhetsiz reportýorlar guramasy” geçen ýylyň dowamynda öz wezipesini ýerine ýetirýän döwürde 66 žurnalistiň öldürilendigini habar berýär. Bu san 2013-nji ýyl bilen deňeşdirilende žurnalistleriň öldürilmeginiň 7% pese gaçandygyny görkezýär.

Emma şol bir wagtyň özünde gurama Siriýada žurnalistleriň kelleleriniň kesilmegi, olaryň konfliktli sebitlerde maglumat taýýarlamakda güýçli howp bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyna ünsi çekdi diýýär.

16-njy dekabrda çap edilen raportda geçen ýylyň dowamynda 119 žurnalistiň alnyp gaçylandygy bellenilip, bu wakanyň 2013-nji ýyl bilen deňeşdirilende 37% artandygy nygtalýar.

Şeýle-de, raportda žurnalistler üçin iň howply ýurtlaryň Siriýa, Palestina, Ukraina we Yrakdygy bellenilýär.

XS
SM
MD
LG