Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Peşawar: Pidalaryň sany 130-dan aşdy


Peşawar, 16-njy dekabr, 2014
Peşawar, 16-njy dekabr, 2014

Gara geýimli ýaragly adamlar 16-njy dekabrda Peşawarda harbylara degişli mekdebe hüjüm edip, esasan çagalardan ybarat azyndan 130 adamy öldürdiler we onlarça adamy ýaraladylar. Bu hüjümiň jogapkärçiligini pakistanly “Talyban” hereketi öz üstüne aldy.

Pakistanyň demirgazyk-günbatar böleginde ýerleşýän şäheriň mekdebine hüjüm edilip, birnäçe sagatlap ýüzlerçe okuwçylar we mekdep işgärleri içinde galýarka, zamun alnanlaryň saklanýan jaýynyň içinde atylýan oklaryň we partlamanyň sesi ýaňlananda, harbylar we hasratly ýagdaýdaky ene-atalar mekdebiň daşynda garaşyp durdylar.

Welaýatyň ýolbaşçy ministri Perwez Khattak başda azyndan 104 adamyň, şol sanda 84 çaganyň wepat bolandygyny habar berdi. Soňra-da 126 adamyň öldürilendigi we 122 adamyň ýaralanandygy habar berildi.

Mekdebiň içinde

Khattak günüň birinji ýarymynda 8-10 çemesi “terrorçynyň” goşunyň jemgyýetiçlik mekdebine we kollejine hüjüm edip, “töwerek-daşyny oka tutup başlandygyny” gürrüň berdi.

Özüni Ebad diýip tanadan 10-njy klasyň okuwçysy öz klasdaşlarynyň onlarçasynyň öldürilendigini aýtdy.

Ol bu hakda şeýle gürrüň berýär: "Bizi goşun polkowniginiň ilkinji kömek boýunça türgenleşigine auditoriýa çagyranlarynda, ir sagat 10:30-dy. Biz baran badymyza ok atyldy we olar (söweşijiler) auditoriýa girdiler. Olar ençeme studenti atyp öldürdiler, men öz golaýymda 40-50 çemesi okuwçynyň öldürilendigini gördüm, olar polkownigi hem oka tutdular. Şol ýerde bomba partlamasy hem boldy. Men gara geýim geýnen 4-5 sany hüjümçini gördüm”

Hüjümiň jogapkärçiligi

Pakistanyň “A Tehrik-e-Taliban” toparynyň özüni Muhammad Khorasani diýip tanadan metbugat wekili Azatlyk Radiosynyň Pakistan gullugyna jaň edip, hüjümiň jogapkärçiligini öz üstlerine aldy we hüjümiň harbylaryň Demirgazyk Weziristandaky harby hereketlerine jogap hökmünde ar alyş çäresi bolandygyny aýtdy.

Pakistanyň harbylary ozal iýun aýyndan bäri Demirgazyk Weziristanda howa zarbalaryny, toplary we guryýer goşunlaryny ulanmak arkaly geçirýän harby çäreleriniň netijesinde 1 100 söweşijini öldürendigini habar berdiler.

Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif ýagdaýy öwrenmek üçin Peşawara sapar edendigini aýtdy we Peşawary öz içine alýan regionda üç günlük matam yglan etdi.

“Talybanyň” wekili Khorasani hüjümçilere “çagalara zeper ýetirmän, diňe harby gullukçylary nyşana almak görkezmesiniň berlendigini” aýtdy.

Emma häkimiýetler wepat bolanlaryň köpüsiniň çagalardygyny aýdýarlar.

Harby ýolbaşçylar hüjüm edilen wagtynda mekdebiň içinde 500 çemesi okuwçynyň we olaryň mugallymlarynyň bolandygyny çak edýärler.

Pakistanyň harbylary dört hüjümçini öldürip, galanlaryny gözleýändiklerini aýdýarlar. Hüjümiň ekzamenleriň geçýän wagtynda bolandygy habar beilýär.

XS
SM
MD
LG