Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“ESF” programmasy arzalary kabul edýär


Studentler synag tabşyrýar.
Studentler synag tabşyrýar.

“U.S.-Central Asia Education Foundation”, ýagny Birleşen Ştatlar we Merkezi Aziýa Bilim guramasynyň “Enterprise Student Fellowships” programmasy biznese gönükdirilen ýokary bilimi almak isleýän zehinli ýaşlary maliýeleşdirýän programmadyr. Bu barada agzalýan guramanyň websahypasynda habar berilýär.

Bu programma Merkezi Aziýanyň bäş ýurduna, ýagny Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ýaşlaryna stipendiýaly okuw mümkinçiliklerini hödürleýär.

Gürrüňi gidýän gurama Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekdäki “Amerikan uniwersiteti” we Gazagystandaky “KIMEP” uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda studentlere biznes we beýleki ugurlar boýunça bilim almak mümkinçiligini berýär.

Kimler arza tabşyryp bilýär?

Maglumatdan belli bolşuna görä, bu programma Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň raýatlygyna eýe bolan adamlar we agzalan ýurtlarda hemişelik ýaşaýanlar öz arzalaryny tabşyryp bilerler. Galyberse-de, studentlerden, arza tabşyrýan mahaly, ýeterlik derejede iňlis dilinde gürläp we ýazyp bilmekleri soralýar. Şol bir wagtyň özünde studentleriň 2015-2016-njy okuw ýylynda okuwa başlamaga, zerur migrasiýa resminamalaryny almaga we saklamaga mümkinçiligi bolmalydyr.

Nädip arza tabşyryp bolýar?

Programma arza tabşyrmak isleýän studentler gürrüňi gidýän guramanyň websahypasynda berlen ýörite forumy dolduryp öz arzalaryny tabşyryp bilerler. Şol bir wagtyň özünde türkmenistanly studentler öz arzalaryny Amerikan geňeşiniň Almatydaky edarasyna hem tabşyryp bilerler.

Haçana çenli arza tabşyryp bolýar?

“Enterprise Student Fellowships” programmasynyň maliýeleşdirmeginde 2015-2016-njy okuw ýylynda dört ýyllyk ýokary okuwa başlamak isleýän abiturientlerden öz arzalaryny 2015-nji ýylyň fewral aýynyň 13-ne çenli tabşyrmaklyk soralýar. Arzasy kabul edilen abiturientler okuw çykdajylary hem-de ýaşaýyşlary we syýahat çykdajylary üçin dürli görnüşdäki stipendiýalar bilen üpjün edilerler.

Bu programma Birleşen Ştatlar we Merkezi Aziýa Bilim guramasy tarapyndan mäliýeleşdirilip, Halkara bilim boýunça Amerikan geňeşi tarapyndan dolandyrylýar. Bu programma Merkezi Aziýada prinsipial bazar ykdysadyýetine esaslanýan şertleri döretmegi maksat edinýär.

Bu programma arza tabşrymak isleýän abiturientler Halkara bilim boýunça Amerikan geňeşiniň websahypasyndan peýdalanyp bilerler.

XS
SM
MD
LG