Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Hüjümde 11 söweşiji öldi


Owgan resmisi ýurduň Nangarhar welaýatynda pilotsyz uçaryň amala aşyran howa zarbasy netijesinde 11 söweşijiniň, şol sanda “Pakistanyň Talyban” hereketiniň dört agzasynyň öldürilendigini aýdýar.

Şerhad etrap häkimi Mahlem Maşugyň sözlerine görä, 16-njy dekabrda pilotsyz uçaryň eden howa zarbasynda ýük ulagyndaky 11 söweşiji öldürilipdir.

Maşuk Pakistanyň Peşawar şäherindäki mekdebe “Tehrek-e-Talyban” hereketiniň agzalary hüjüm edýän mahaly, pilotsyz uçaryň howa zarbasynyň amala aşyrylandygyny belledi.

Owgan prezidenti Aşraf Gani we Owganystanyň “Talyban” hereketi Peşawardaky mekdebe edilen hüjümi ýazgardylar. Şol hüjümde jemi 132 çaga we mekdebiň dokuz işgäri heläk boldy.

XS
SM
MD
LG