Sepleriň elýeterliligi

Pakistan ölüm jezasynyň moratoriýsini aýyrdy


Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif terrorizm bilen ilteşikli jenaýatlara girizlen ölüm jezasynyň moratoriýsini, ýagny ýerine ýetirilmesizligini aýyrdy. Bu waka “Talyban” ýaraglylary Peşawar şäherindäki mekdepde 132 çagany we dokuz mugallymy öldürenden bir gün soň boldy.

17-nji dekabrda Pakistan mekdep gyrgynçylygynda pida bolanlaryň hatyrasyna üç günlük milli ýasa başlan mahaly, Şarif moratariýniň aýrylmagyny tassyklady.

Şeýle-de, maglumatlara görä, parlamentdäki ähli partiýalaryň gatnaşmagynda Peşawarda geçirilen ýygnakda Şarif: “Pakistan terrorçylar tarapyndan mekdepde öldürilen günäsiz çagalaryň ýüzüni ýatda saklap, terrorizme garşy göreşer” diýdi.

2008-nji ýylda Pakistan ölüm jezasyna garşy moratoriý girizipdi.

XS
SM
MD
LG