Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bosniýa: 10 etniki serb tussag edildi


Bosniýa-Hersogowinanyň polisiýasy 1992-95-nji ýyllardaky Bosniýa urşunda bosniýaly onlarça musulman ýaşaýjyny öldürmekde güman edip, 10 sany etniki serbi tussag etdi.

Tussag edilenler bosniýaly serb polisiýasynyň ýa-da harbylarynyň öňki ýokary derejeli işgärleri bolup, olar 1992-nji ýylyň iýul aýynda ýurduň Zwonik şäherçesinde parahat ilatdan 70 çemesi adamy öldürmekde aýyplanýarlar.

Atlary köpçülige mälim edilmeýän şübheliler gürrüňi gidýän uruş döwründe etniki serbleriň etniki arassalaýyş kampaniýany geçiren sebitinde tussag edildiler. Şol wakada 2 müň çemesi musulman öldürilipdi. Şeýle-de, başgada ýüzlerçe adamyň heniz hem ýitirimdigi hasaba alnypdy.

Bosniýa konflikti döwründe 100 müň çemesi adamyň öldürilendigine ynanylýar.

XS
SM
MD
LG