Sepleriň elýeterliligi

ÝB: "Aşgabadyň Trans-Hazara haky bar"


Türkmenistan, Hazar ýakasynda gurlan geçiriji, 2010 ý.

Türkmenistan, Hazar ýakasynda gurlan geçiriji, 2010 ý.

Ýewropa Komissiýasynyň golaýda Azerbaýjana sapar eden delagasiýasy Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň Trans-Hazar geçirijisini gurmaga eksklýuziw hukuklarynyň bardygyny aýtdy diýip, «Trend» habar gullugy 15-nji dekabrda ýazdy.

Habarda aýdylmagyna görä, Ýewropa Bileleşigi Hazar deňziniň statusy meselesinde, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň, iki deňizýaka ýurdunyň arasynda halkara ylalaşyklaryna we konwensiýalaryna laýyklykda geçiriji gurmak baradaky eksklýuziw hukuklary babatdaky degişli pozisiýalaryna öz goldawyny bildiripdir.

Şeýle-de, Azerbaýjana baran delagasiýa Ýewropa Bileleşiginiň Trans-Hazar proýektine goldaw bermek pikiriniň üýtgewsiz galýandygyny aýdypdyr.

Bu pozisiýa Azerbaýjanda bolan ýokary derejeli duşuşyklar mahalynda, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Maros Sefkowiç tarapyndan nygtalypdyr, ol Bakuwa noýabr aýynda sapar etdi.

Ýewropa Komissiýasynyň Klimat aksiýasy we energiýa bölüminiň metbugat wekili Nikol Bokstaller Azatlyk radiosynyň Türkmen gullugynyň bu pozisiýa baradaky soragyna beren jogabynda şeýle diýdi:

“Ýewropa Bileleşiginiň delegasiýasynyň Bakuwda aýdanlary dogry. Hakykatda, siziň agzan pozisiýaňyz Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň ikisiniň hem pozisiýasy bolup, aýdylmagyna görä, bu pozisiýa babatda iki ýurduň prezidentleriniň 2010-njy ýylda Bakuwda geçiren sammitinde ylalaşyga gelnipdi we ol golaýda Astrahanda geçirilen Hazar sammitinde hem gaýtadan tassyk edildi.”

Metbugat habarlaryndan mälim bolşuna görä, Trans-Hazar geçirijisi proýekti Kaspi deňziniň içinden Azerbaýjanyň kenarlaryna çenli 300 km uzynlykdaky gaz geçirijisini gurmagy nazarda tutýar. Soň bu geçiriji türkmen ýangyjyny ýewropa ýurtlary bilen umumy serhetleri bolan Türkiýä aşyrmaly.

Aýdylmagyna görä, bu proýekt türkmen resurslaryny ýewropa bazarlaryna çykarmagyň optimal görnüşi hasaplanýar. Türkmenistanyň we Türkiýäniň hökümetleri türkmen tebigy gazyny Türkiýä we Ýewropa aşyrmak babatdaky hyzmatdaşlygyň çarçuwalaýyn şertnamasyna 2013-nji ýylyň iýunynda gol çekdi.

Ýewropa Bileleşiginiň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň arasynda Trans-Hazar gaz geçirijisi baradaky gepleşikler 2011-nji ýylda başlandy.

Emma muňa garamazdan, Orsýet we Eýran hemişe, gurluşyk mahalyndaky ekologiki meseleler bilen bagly aladalaryny bildirip, Trans-Hazar proýektine garşy çykyş etdiler.

Bu proekt barada dürli bilermenler we syýasatçylar tarapyndan öňe sürlen pikirlerde onuň durmuşa geçirilmegindäki esasy päsgelçiligiň Kaspi deňziniň durumynyň kesgitlenip bilinmezligi bilen baglydygy öňe sürülýär.

Aşgabadyň Trans-Hazar baradaky resmi pozisiýasyna görä, onuň gurulmagy üçin, bu proýekte öz territoriýalary, topraklary taýdan galtaşýan ýurtlaryň razylygy ýeterlik bolup durýar.

«Trend» habar gullugy Azerbaýjanyň Trans-Hazar geçirijisiniň öz territoriýasyndan geçjek ýerleri, tranzit desgalary we infrastruktura babatda ähli mümkinçiligi döretjegini ýazýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG