Sepleriň elýeterliligi

BMG: YD çagalary jezalandyrýar


Siriýa, Aleppo lagerinde çagalar YD-a kasam etdirilýär.

Siriýa, Aleppo lagerinde çagalar YD-a kasam etdirilýär.

Siriýada, hususan-da YD topary tarapyndan, çagalaryň garşysyna edilýän zorluklar köpelýär diýip, BMG-niň Baş sekretarynyň ynsanperwerçilik meseleleri we adatdan daşary ýagdaýlardaky kömek işleri boýunça ornubasary Waleriý Amos duýdurdy.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň 15-nji dekabrda Siriýa boýunça geçiren brifiňinde Amos «hususan-da YD tarapyndan öldürilen ýa-da il ortalaýyn jezalandyrylyp öldürilen, haja çüýlenen, kellesi kesilen we daşlanyp öldürilen çagalaryň sany soňky aýlarda ýokarlandy» diýdi.

«Rakka sessiz gyrylýar» atly aktiwistler topary oktýabrda «Yslam döwleti» toparynyň jeňçileriniň 17 ýaşly oglany, bu toparyň ofislerini wideo düşürmekde aýyplap, üç günläp haja çüýläp goýandygyny habar berdi.

«Rakka sessiz gyrylýar» şäher meýdançasynda haja çüýlenen we boýnunda her wideo üçin 500 türk lirasyny almakda aýyplaýan ýazgy asylan oglanyň suratyny çap etdi. Onuň boýnundaky ýazgy oglany dine şek ýetirmekde hem aýyplaýar.

Jeza çagalara göz edilýär

YD jeňçileri çagalary jezalandyryp öldürmek bilen bir hatarda, öz kontrollyk edýän ýerlerinde il ortalaýyn jaza berişlik, şol sanda kelle kesişlik, haja çüýlemek, el-aýak kesmek ýaly jezalaryň ýerine ýetirilişini görkezmek çärelerini hem guraýarlar.

Gazagystan YD-nyň Siriýada tölim berilýän gazak çagalaryny görkezýän wideosyny gadagan etdi.

Gazagystan YD-nyň Siriýada tölim berilýän gazak çagalaryny görkezýän wideosyny gadagan etdi.

Bu topar özüniň il ortalaýyn jezalandyrmalarynyň suratlaryny yzygiderli çap edýär we ol suratlarda çaglary hem ýeterlik görmek bolýar.

BMG-niň awgustda çap eden hasabatynda YD-nyň 18 ýaşdan aşakdaky çagalary dürli «jenaýatlarda», şol sanda «Yslam döwleti» toparynyň jenaýat kodeksini bozmakda aýyplap, il ortalaýyn haja çüýländigi aýdylýar.

SNN YD-nyň demirgazyk Siriýadaky tälim lagerinde türgenleşik geçendigini aýdan 13 ýaşly oglanyň ol ýerde bir aýalyň biwepalyk üçin haja çüýlenip we daşlanyp öldürilmegine şaýat bolandygyny habar berdi.

Çaga esgerler

Amos BMG-niň Siriýada çagalara harby tälim we ýarag berilmek tendensiýasyny hem görendigini belledi.

"350 çaganyň, olaryň arasynda bäş ýaşlysy hem bar, hakykatda YD-nyň Siriýadaky paýtagty bolan Rakkadaky harby lagerinde tälim alandygy barada maglumatlar alyndy» diýip, Amos aýtdy.

Rakkadaky çaga tälim lagerleri barada birnäçe habar çykdy. Sentýabr aýynda sosial ulgamlarda peýda bolan şekiller gara reňkli eşik geýen ýaş oglanyň ýiti mämişi reňkli eşik geýdirilen gurjaga pyçak sünjüşi görkezilýär.

Bu suratlar, aýdylmagyna görä, YD-ynyň tomusky lagerinde, YD jeňçileriniň ýaş çagalara «saryýagyz, gök gözli gurjaklaryň» nädip kellesini kesmelidigini öwreden ýerinde düşürilipdir.

YD noýabr aýynda Siriýadaky gazak çagalaryna harby we ideologiýa tälimleriniň berlişini görkezýän wideo ýaýratdy. Bu wideo Gazagystanda gadagan edildi.

RFE/RL hem 15 ýaşap-ýaşamadyk çagalaryň YD jeňçileriniň Siriýadaky, şol sanda Kobanidäki çeçen söweşijileriniň ýanynda söweşýändigi baradaky subutnamalary tapdy.

Jynsy zorluk

Amos YD tarapyndan amala aşyrylýan jynsy we gender zorluklarynyň hem tomusdan bäri köplendiginiň habar berilýändigini aýtdy.

"Golaýda Kobaniden gaçan bosgunlar YD-nyň ýaş gyzlary jynsy maksatlar üçin ýesir alýandygyny aýtdy, 12 ýaşlaryna çenli ýaş gyzlar» diýip, Amos aýtdy.

"Ýaş gyzlaryň wagtyndan ir, zorluk bilen durmuşa çykarylmagynyň hem köpelýändigi habar berilýär. Bu bir tarapdan maşgala resurslarynyň azalmagy bilen bagly bolsa, soňky wagtlarda YD-nyň kontrollugy astyndaky ýerlerdäki ene-atalaryň öz gyzlarynyň YD jeňçilerine barmaga mejbur edilmeginden howatyr etmekleri bilen bagly» diýip, Amos belledi.

Şeýle-de ol YD-nyň ýaragly adamlarynyň aýallary gyrnak edip, Rakkadaky bazarlarda satandygyny sözüne goşdy.

"Olaryň käbiri başga erkeklere satyldy, beýlekileri bolsa dynç öýlerinde saklanyp, söweş meýdanlaryndan dolanyp gelen jeňçiler tarapyndan köp gezek zorlanyldy» diýip, BMG-niň Baş sekretarynyň ynsanperwerçilik işleri boýunça orunbasary aýtdy.

YD jeňçileri kürt ýazidi azlygyndan 5 müň çemesi aýal-gyzy alyp gaçdylar we, görnüşinden, jynsy gyrnak hökmünde satdylar. Human Rights Watch (HRW) guramasynyň oktýabr aýyndaky hasabatynda görkezmeleri getirilen ýazidi aýal-gyzlarynyň birnäçesi özleriniň köplenç maşgalalaryndan aýrylyp, ýesir saklanandyklaryny, soňra özlerini jynsy hüjüme sezewar eden YD jeňçileri tarapyndan satylyp, satyn alnandyklaryny aýtdylar.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG