Sepleriň elýeterliligi

Pakistan ýas tutýar


Peşawar, 17-nji dekabr, 2014.

Peşawar, 17-nji dekabr, 2014.

Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif ýurtda ölüm jezasyna girizilen maratorini, ýagny ölüm jezasyny ulanmazlyk düzgünini terrorçylyk bilen bagly jenaýatlar babatynda ýatyrdy. Mundan bir gün öň “Talyban” hereketi Peşawar şäherinde 132 sany mekdep okuwçysyny we dokuz sany mekdep işgärini öldürdi.

Şarifiň maratoriý gadagançylygyny ýatyrmak karary 17-nji dekabrda Pakistanda pidalaryň hatyrasyna yglan edilen üç günlük matam çäreleriniň başlanan güni yglan edildi.

Şarif Peşawarda Pakistanyň parlamentiniň ähli partiýalarynyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda eden çykyşynda Pakistanyň mundan beýläk terrorçylyga garşy uruş alyp baranda mekdepde wepat bolan bigünä çagalary ýatda saklajakdygyny aýtdy.

Şarif bu duşuşygy ýurduň syýasatçylarynyň söweşijileriň zorlugyna garşy tagallalaryny birleşdirmek maksady bilen geçirýändigini aýtdy.

Munuň öňüsyrasynda Şarif “wagşylaryň döreden milli betbagtçylygy” üçin ar alynjakdygyny aýtdy: “Terrorçylyk ýurtda doly ýok edilýänça bu uruş we göreş dowam etdiriler”.

Ölüm jezasyna maratoriý

Pakistanda ölüm jezasyna maratoriý girizilip, ony togtatmak boýunça ädim 2008-nji ýylda ädilipdi. Emma sudýalar käbir jenaýatçylyk we terrorçylyk işlerinde ölüm jezasy boýunça höküm çykarmagyny dowam etdiripdi. Ölüm jezasyna höküm edilen adamlar maratoriý girizileli bäri tussaglykda saklanýarlar.

Halkara we Pakistanda adam hukuklaryny goraýjy toparlar ölüm jezasyna höküm edilen 8 000 adamdan 800 çemesine terrorçylyk bilen baglylykda iş kesilendigini aýdlýarlar.

16-njy dekabrda Peşawarda harbylara degişli mekdebe edilen hüjüm Pakistanyň taryhynda iň ganly wakalaryň biri boldy.

Mekdepde harby we graždan maşgalalaryň ogul-gyzlary bilim alýardylar.

Terrorçylykly hüjüm

Pakistanyň harbylary hüjümiň ýedi sany ýaragly adam tarapyndan amala aşyrylandygyny aýtdylar. Olaryň bombaly keltekçeli otagdan-otaga aýlanyp, çagalary we mugallymlary oka tutandygy aýdylýar.

Hüjümçiler, atylyp öldürilýänçäler, 125 adamy ýaraladylar.

Pakistanyň “Tehrik-e Taliban” toparynyň metbugat wekili Muhammad Khorasani Azat Ýewropa Azatlyk Raidosynyň Maşaal Radiosyna jaň edip, hüjümiň jogapkärçiligini öz üstlerine aldy we munuň Pakistanyň harbylarynyň tire-taýpalar regionyndaky harby çärelerine jogap bolandygyny aýtdy.

17-nji dekabrda Peşawarda we onuň töwereginde pidalaryň jaýlanyş çäreleri geçirildi, geçen gije tutuş ýurt boýunça adamlar şem ýakyp, wepat bolanlaryň hatyrasyna matam tutdular.

Şol bir wagtyň özünde-de Pakistanyň goşun generaly Raheel Şarif goňşy Owganystana sapar edip, iki ýurduň umumy serhedinde ýerleşýän söweşijilere garşy göreşde bilelikdäki tagallalaryny sazlamak meselesini maslahat etdiler.

XS
SM
MD
LG