Sepleriň elýeterliligi

Bidüzgünçilikden 'peýda' görülýär


Bişkegiň bazary

Bişkegiň bazary

Türkmenistanyň bazarlaryndan gowşan soňky maglumatlarda bazarlarda azyk önümlerini satýan satyjylara öz harydy bilen bilelikde ýerli häkimiýetleriň berýän harydyny has pes bahadan satmak düzgüni girizilipdir. Bu, bir tarapdan, alyjylara has arzan bahadan haryt satyn almaga mümkinçilik döredýän bolsa, başga bir tarapdan, satyjylaryň gazanç etmek mümkinçiligini çäklendirýär.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaýyň satyjylara we umuman bazara ýetirip biljek ykdysady täsiri, şeýle-de Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryndaky tejribeler bilen gyzyklanyp, Gyrgyzystanyň Bazarlar we hyzmatlar bileleşiginiň prezidenti Sergeý Ponomarew bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Sergeý, Türkmenistanda bazar resmileriniň öňünden kesgitlenen nyrhdan öz harytlaryny satmaga azyk önümlerini satýan söwdagärleri mejbur etmeginde ykdysady düşündiriş görýäňizmi? Şuňa meňzeş tejribeler başga ýurtlarda-da bolýarmy?

Sergeý Ponomarew: Biziň ýurdumyzda, Gyrgyzystanda şeýle ýagdaýlar düýpden bolup bilmeýär, bärde bazarlar azat, nyrhlar islegiň we teklibiň özara gatnaşygynyň netijesinde kesgitlenýär. Bärde hiç kim hiç bir harydy özüniň kesgitlän bahasyndan satmaga başga birini mejbur edip bilmeýär. Bu bidüzgünçilik hasaplanýar. Bärde biriniň bikanun biznesi ýöretmäge synanyşýandygy göze ilse, derrew öňüni almaga we sebäpkärleri jogapkärçilige çekmäge mümkinçilikler bar. Türkmenistanda munuň näme üçin edilýänine men, çynymy aýtsam, düşünmeýärin, ýurtdaky ýagdaýdan doly habarym ýok, ýöne bu haýsydyr bir sosial maksatlara gönükdirilen hereketdir diýip çaklasa bolar.

Emma nähili-de bolsa, harydyň bahasynyň kesgitlenmegini emeli ýagaýda düzgünleşdirmek ykdysadyýetiň kanunlaryny bozýar we iru-giç erbet netijelere getirýär hem-de nägileligi tutaşdyrýar. Bahalar döwlet tarapyndan kesgitlenjek bolsa, tutuş ykdysadyýet sosialistik baha kesgitleniş usulyna geçmeli, ýa-da döwlet sosial programmalary arkaly biznes subýektleriniň çekýän zyýanynyň öwezini dolmaly.

Sebäbi bazarlardaky emeli düzgünleri amala aşyrýan kompaniýalar, olaryň döwlete degişli ýa hususy şirketdigine garamazdan, olaryň arkasynda hökman şahsyýetler ýa toparlar durýar, hut şolar netijede girdeýji alýar. Bu ýagdaý döwletiň, jemgyýetiň we biznes subýektleriniň arasyndaky balansy bozýar. Meniň nukdaýnazarymdan bu sagdyn pikire we ykdysadyýetiň kanunlaryna ters gelýär. Ykdysadyýet bolsa hilegärçilikli hereketleri kabul etmeýär we bar zady öz ýerinde ýerbe-ýer goýýar.

Azatlyk Radiosy: Häkimiýetleriň azyk önümleriniň söwdasyna goşulmagy nähili netije berip biler?

Sergeý Ponomarýew: Munuň nämüçin edilýändigi, söwdagäriň çeken zyýanynyň öwezini kimiň doljagy barada soraglar ýüze çykýar. Eger harydyň bazardaky bahasy bäş manat bolsa, men şeýle harydy üç manatdan satmaly bolsam, meniň çeken zyýanymyň öwezini kim dolar? Bazar haryda bolan islegiň esasynda gurulýar. Eger isleg bolsa, şol islegleri kanagatlandyrmak bazaryň wezipesi, bu iki arada söwdagäriň gazanjynyň möçberi bazaryň şol islegleri kanagatlandyrmak ugrunda nädereje üstünliklidigini görkezýär.

Islenilmeýän harytlary satmaga mejbur etmek ýa-da has gymmat bahadan alynýan harydy arzan satmaga mejbur etmek söwdagäriň bähbidini depeleýär. Meniň pikirimçe, bu eden-etdilik we iru-giç jogapkärçilik meselesi hem ýüze çykar, administratiw ýa jenaýat jogapkärçiligi diýemok, ýöne ykdysady jogapkärçilik meselesi ikuçsyz ýüze çykar.

XS
SM
MD
LG