Sepleriň elýeterliligi

D.Kawkazda üç söweşiji öldürildi


Russiýanyň resmileri durnuksyz Demirgazyk Kawkazyň Kabardino-Balkariýa regionynda üç söweşijiniň, şol sanda ýaragly toparyň lideriniň öldürilendigini habar berýärler.

Terrorçylyga garşy göreş boýunça milli komitetiň berýän maglumatyna görä, üç söweşiji 18-nji dekabrda regionyň Baksan etrabynda geçirilen operasiýalarda öldürilipdir.

Komitetiň maglumatynda öldürilenleriň biri Kabardino-Balkariýanyň demirgazyk-günorta bölegindäki “jenaýatçylykly topara” ýolbaşçylyk etmekde gözlenýän 28 ýaşyndaky Andzor Guçapşew diýlip mälim edilýär.

Demirgazyk Kawkazyň ilatynyň aglabasy musulmanlardan ybarat welaýatlary hüjümlerden we howpsuzlyk güýçleri bilen söweşijileriň arasynda bolýan çaknyşyklardan ejir çekýär.

Bu sebitde yslamçy söweşijiler we jenaýatçylykly toparlar Russiýanyň harby işgärlerini we ýerli resmileri yzygiderli nyşana alýarlar.

XS
SM
MD
LG