Sepleriň elýeterliligi

Pakistan, Owganystan “Talybana” garşy bilelikde göreşer


Pakistanyň armiýasynyň başlygy Rahil Şarif (Raheel Sharif) owgan prezidenti Aşraf Gani bilen gepleşikleri geçirmek üçin Kabula bardy. Duşuşygyň dowamynda Şarif we Gani “terrorçylyga we ekstremizme” garşy bilelikde göreşmäge wada berdiler.

Şarif Pakistanyň Peşawar şäherindäki harbylara degişli mekdepde 132 çaga we dokuz mugallym öldürilenden bir gün soň, 17-nji dekabrda owgan paýtagtyna bardy. Şol hüjümiň jogapkärçiligini “Pakistanyň Talyban” hereketi öz üstüne aldy.

Şarif bilen geçiren duşuşygyndan soň, Gani: “Terrorçylyga we ekstremizme garşy täsirli çäreleri amala aşyrmak üçin Owganystanyň we Pakistanyň akýüreklilik bilen bilelikde işlemegine pursat döredi” diýdi.

Şarif Owganystana edýän saparynyň dowamynda Howpsuzlyga ýardam beriji Halkara güýçleriň komandiri general Jozef Danford (Joseph Dunford) bilen hem duşuşdy.

XS
SM
MD
LG