Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus Russiýa bilen amerikan dollarynda söwdalaşar


Belarusyň prezidenti Alýaksandr Lukaşenka Russiýa bilen edilýän söwdanyň amerikan dollary we ýewro derejesinde amala aşyrylmagyny sorady.

Lukaşenka 18-nji dekabrda Minskde geçiren Kabinet ýygnagynda “Russiýa bilen ediljek söwdany, ýagny biziň energiýa üçin Moskwa berjek tölegimizi amerikan dollarynda amala aşyrmak baradaky çäre kesgitlenildi” diýdi.

Şeýle-de, Lukaşenka Belarusyň Russiýa berjek tölegleriniň ählisini amerikan dollarynda ýa-da ýewroda tölemek barada eýýäm Minskden soralandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Lukaşenkanyň bu beýanaty rus rublynyň hümmetiniň pese gaçýan pursatyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG