Sepleriň elýeterliligi

Putin: Ykdysadyýet "ikuçsyz" aýaga galar


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin öz ýurdundaky häzirki ykdysady problemalaryň belli bir derejede daşky faktorlar, şol sanda dünýäde nebitiň bahasynyň arzanlamagy bilen baglydygyny aýtdy.

18-nji dekabrda geçiren ýyllyk metbugat konferensiýasynda Putin rus ykdysadyýetiniň aýaga galjakdygynyň “ikuçsyzdygyny” aýtdy we munuň iki ýyla çekjekdigini çaklady.

Şeýle-de, ol şol iki ýylyň dowamynda Russiýa energiýa bil baglaýan ykdysadyýetini diwersifikasiýlaşdyrmak üçin ädimler äder diýdi.

Putin öz çykyşynyň başynda Russiýanyň Ukrainadaky hereketleri üçin Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan Moskwa garşy girizilen sanksiýalar barada belläp geçmedi.

XS
SM
MD
LG