Sepleriň elýeterliligi

Ilat ýazuwy: 2 ýyl nämälimlik


Ilat ýazuwyna gatnaşmaga çagyrýan sms. 2012 ý.

Ilat ýazuwyna gatnaşmaga çagyrýan sms. 2012 ý.

Ylaýyk iki ýyl mundan ozal 2012-nji ýylyň 15-26-njy dekabry aralygynda ýurtda ilat we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçirildi. Emma bu ýazuwyň netijeleri henizem äşgär edilenok.

Ýogsa, bu çäräni geçirýän döwlet edarasy bolan Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň resmi web-saýtynda habar belişine görä, bu ýazuwyň tapgyrlaýyn deslapky netijeleri 2013-nji ýylyň iýul-awgust aýlarynda neşir edilmelidi.

Şol ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda bolsa bu ýazuwyň netijeleri elektron we kagyz formatdaky görnüşlerde taýýarlanylyp, köpçülige ýaýradylmalydy. Garaz, resmi maglumatdan çen tutulsa, eýýäm 2014-nji ýylyň başlarynda bu ýazuwyň gutarnykly netijeleri baradaky maglumatlar elýeter bolmalydy.

Iş ýüzünde

Emma türkmen mediasynda hem-de Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň resmi web-saýtynda bu ýazuwyň netijeleri, şeýle-de olaryň gijikdirilmegi barada hiç hili maglumat berlenok. Ýeri gelende aýtsak, ýokarda agzalan edaranyň, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteteiniň web-saýtyndaky Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň tapgyrlarynyň meýilnamasy hem aýrylypdyr. Ýogsa, bu meýilnamany 2-3 aý mundan öň hem şol web-sahypada görmek bolýardy.

Häzir bu saýtda 2012-nji ýylyň ýazuwyny ýatladýan diňe bir maglumaty, ýagny şol ilat ýazuwynyň “Berkarar döwletli bagtyýar diýar ilat ýazuwyna ynamly barýar” şygary astyndaky nyşanyny görmek bolýar. Şondan başga bu saýtda 2012-nji ýylyň ilat ýazuwyny ýatladýan nam-nyşan ýok.

Prezidentiň tabşyrygyna garamazdan...

Şu ýylyň 4-nji aprelinde geçen hökümet maslahatynda prezident G.Berdimuhamedow ilat we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň netijelerini jemlemek boýunça işleri tizleşdirmek barada Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Mämmedowa görkezme hem berdi. Şondan soň sekiz aý geçdi. Emma hiç hili netije ýok.

Belläp geçsek, 2007-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň ilatynyň sany barada hiç hili resmi maglumat çap edilmeýär.

Hatda her ýyl neşir edilýän Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteteiniň ýyllyk statistik ýygyndysynda-da bu barada hiç hili maglumat ýok. Ilatyň sany diňe prosentde görkezilýär. Ýogsa, 2007-nji ýyldan öňki neşir edilen bu ýyllyk statistik ýygyndylarda ýurduň ilaty baradaky maglumatlar berilýärdi.

Mysal üçin, bu edaranyň 2006-njy ýylda çap edilen 2000-2005-nji ýyllar aralygy boýunça statistik ýyllyk hasabatynda ýurduň ilatynyň sany 2000-nji ýylda 5million 369,4 müň adam bolan bolsa, 2005-nji ýylda ýurduň ilatynyň sany tas 1,5 milliona golaý köpeldilip, 6 million 746,5 müň adama ýetirilipdir.

Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň netijeleriniň äşgär edilmeýänliginiň sebäpleri hem düşündirilmeýär. Habar serişdelerinde 2012-nji ýyldaky geçirilen ilat we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy asla agzalmaýaram.

Forum

Emma ilat ýazuwy bilen bagly ýagdaý ildeşlerimizi gyzyklandyrman hem duranok. Mysal üçin, Azatlyk Radiosynyň saýtynda ilat ýazuwynyň gijikdirilmegi bilen bagly açylan foruma Şwesiýadan Halmyrat atly okyjy şeýle ýazýar:

“Dört million ilatly Turkmenistanda bu çäräni geçirmek üçin oturyp sanasagam, ýatyryp sanasagam 10 gün wagt aňrybaşy bilen ýeterlik. 2 ýyllap sanap planlaşdyrar ýaly Türkmenistan Hytaý däl. Millet sany boýunça türkmenler Hytayyň bir obasy” diýip, Halmyrat öz garaýşyny beýän edipdir.

Özüni Gaýgyly Atabaýew diýip tanadan okyjy bolsa munuň sebäbini şeýle düşündirýär: “Meniň pikirimçe, ýazuwyň netijesinde sosial goraglylykdaky we jaý üpjünçiligindäki ýetmezçilikler çak edilenden köp bolup çykdy. Olary gidermek üçin hökümetde ýeterlik býujet ýok. (Sebäbi 2017 Aziýa oýunlary üçin gurulýan Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygyna gaty köp pul çykdy we Hytaý we TOPH gaz geçirijileri ägirt uly maýa goýumlary talap edýär). Şoň üçin hökümet ýazuwyň netijelerini yglan etmezligi we 2015-2030 planyny düzmegi goýbolsun etmegi makul bildi”.

Elbetde, foruma gelen teswirleriň näderejede hakykata laýyk gelýändigini degişli resmi edaralara tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady.

Türkmenistanda ilat ýazuwy iň soňky gezek 1995-nji ýylda geçirilipdi. Şonda ýurduň çäginde 4 million 481 müň adam ýaşaýandygy barada maglumat berlipdi.

Ýeri gelende ýatlatsak, häzirki Türkmenistanyň territoriýasynda birinji gezek ilat ýazuwy 100 ýyl mundan ozal geçirilipdir. 1913-nji ýylda geçirilen şol ilkinji ilat ýazuwynyň netijeleri boýunça ýurduň ilat sany 1 million 41,7 müň adama barabar bolupdyr.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG