Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: 32 söweşiji öldürildi


Pakistanyň harbylary ýurduň demirgazyk-günbatarynda gurnalan duzakda 32 söweşijiniň öldürilendigini habar berýärler.

19-njy dekabrda ýaýradylan beýanatda Pakistanyň harby güýçleri Haýber regionyndaky Tirah jülgesine tarap hereket edýän söweşijileri nyşana aldy diýilýär.

Şeýle-de, Pakistanyň harbysy bu wakada öz güýçlerinden üç adamyň ýaralanandygyny belleýär.

Pakistanyň harbylary tarapyndan geçirilýän bu operasiýalar 16-njy dekabrda “Talyban” söweşijileri tarapyndan mekdepde edilen hüjümiň yzýany bolup geçýär. Mekdebe edilen şol hüjümde jemi 148 adam öldürilipdi.

Bu wakadan bir gün soň, 17-nji dekabrda Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif terrorizm bilen ilteşikli jenaýatlara girizlen ölüm jezasynyň moratoriýsini, ýagny ýerine ýetirilmesizliginiň aýrylandygyny yglan etdi.

XS
SM
MD
LG