Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awstraliýa: Sekiz çaga öldürildi


Awstraliýadaky bir öýde pyçaklanyp ýaralanan zenan bilen bilelikde sekiz çaganyň jesedi tapyldy.

Awstraliýanyň demirgazyk-gündogaryndaky Kwinslend ştatynyň polisiýasy wakanyň terrorçylyk bilen ilteşiginiň ýokdugyny çak edip, köpçülik üçin görnüp duran howpuň ýokdugyny aýtdy.

19-njy dekabrda polisiýa agyr ýaralanan zenandan habar alansoň, 18 aý bilen 15 ýaş aralygyndaky çagalaryň jesedini Manura şäheriniň Kairns sebitindäki öýde tapdy.

Awstraliýanyň polisiýasy çagalaryň nädip öldürilendigi barada henize çenli maglumat bermedi.

XS
SM
MD
LG