Sepleriň elýeterliligi

Tusk: Uzak wagtlaýyn strategiýa gerek


Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogerini (çepde) we Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Donald Tusk.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogerini (çepde) we Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Donald Tusk.

Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Donald Tusk Ýewropa Bileleşigi Russiýa babatynda birnäçe aý däl-de, ençeme ýyl dowam etjek strategiýa zerurulyk duýýar diýdi.

Tusk bu barada 19-njy dekabrda Brýusselde Ýewropa Bileleşiginiň liderleriniň sammiti tamamlanandan soň geçiren metbugat konferensiýasynda mälim etdi.

Ol Russiýa we onuň prezidenti Wladimir Putin, şeýle-de Ukrainadaky krizisi çözmek babatynda “berk we jogapkärçilikli” strategiýany kabul etmäge çagyryş etdi.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogerini (Federica Mogherini) Russiýanyň ykdysady problemalaryndan hiç hili kanagatlanma duýmaýandygyny aýtdy.

Ýöne Mogerini Putiniň we beýleki rus resmileriniň “dünýäniň beýleki ýurtlary babatyndaky çemeleşmelerinde düýpli üýtgetmeleri etmeklerine we kooperatiw režime geçmeklerine” zerurulyk bardy diýdi.

XS
SM
MD
LG