Sepleriň elýeterliligi

Pentagon: “YD”-niň liderleri öldürildi


Pentagonyň metbugat sözçüsi kontr-admiral Jon Kirbi.

Pentagonyň metbugat sözçüsi kontr-admiral Jon Kirbi.

Pentagon Birleşen Ştatlar we onuň ýaranlary tarapyndan edilen howa hüjümlerinde “Yslam döwleti” atly toparyň ýokary we orta derejeli “birnäçe” lideriniň öldürilendigini habar berýär.

Pentagonyň metbugat sözçüsi kontr-admiral Jon Kirbiniň (John Kirby) 18-nji dekabrda beren maglumatyna görä, Waşington liderleriň öldürilmegi netijesinde häzirki wagt “Yslam döwleti” atly toparyň Yragyň howpsuzlyk güýçlerine garşy geçirýän operasiýalarynyň gowşajakdygyna ynanýar.

"The Wall Street Journal" neşiriniň Birleşen Ştatlaryň resmilerine salgylanyp berýän maglumatyna görä, Birleşen Ştatlaryň howa zarbalary netijesinde “Yslam döwleti” atly toparyň ýokary derejeli üç lideri öldürilipdir. Olaryň arasynda “Yslam döwleti” atly toparyň Yrakdaky harby operasiýalaryna ýolbaşçylyk edýän Abd al Basit, toparyň lideriniň orunbasary Haji Mutazz, Yragyň Mosul sebitinde toparyň öz-özüni ykrar eden häkimi Radwin Talib bar.

XS
SM
MD
LG