Sepleriň elýeterliligi

Yrakda YD liderleri öldürildi


Yrak, YD söweşijileri

Yrak, YD söweşijileri

Pentagon Birleşen Ştatlaryň we onuň ýaranlarynyň uran howa zarbalarynyň «Yslam döwleti» jeňçi toparynyň uly we orta derejedäki liderleriniň «bir toparyny» öldürendigini aýdýar.

Sözçi kontr-admiral John Kirby 18-nji dekabrda Waşington liderleriň ýitirilmeginiň «Yslam döwleti» toparynyň häzir Yragyň howpsuzlyk güýçlerine garşy alyp barýan operasiýalarynyň komanda we kontrol ukybyny pese gaçyrýandygyna ynanýar diýdi.

"The Wall Streýet Journal" amerikan resmilerine salgylanyp, Birleşen Ştatlaryň harbylarynyň howa zarbalarynyň «Yslam döwleti» toparynyň ýokary derejeli liderlerinden üçüsini: YD-nyň Yrakdaky harby operasiýalarynyň başlygy Abd al Basiti; toparyň lideri Abu Bakr al-Bagdadiniň orunbasary Haji Mutazzy; şeýle-de bu toparyň Mosuldaky, Yrak, öz-özüni yglan gubernatory Radwin Talibi öldürendigini ýazýar.

Pentagon «ýolbaşçylaryň, komanda we kontrol ulgamlarynyň, desgalaryň we enjamlaryň hemişe öz nyşana alyş hasaplamalarynyň bir bölegi bolup durýandygyny» sözüne goşdy.

YD liderleriniň ölüm habary Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Çak Heýgel Yraga iberilmeli birnäçe ýüz esger baradaky täze buýrugy tassyklanyndan bir gün soň çykdy, ol esgerler Yragyň hökümet goşunlaryna tälim bermeli.

Obama adminstrasiýasy golaýda Yrak goşunlaryna geňeş we tälim bermek üçin ýene 1500 amerikan harbysyny ýerleşdirmek kararyna geldi.

Birleşen Ştatlaryň «Yslam döwletine» garşy alyp barýan kampaniýasyna ýolbaşçylyk edýän goşun generaly Jeýms Terri Yragyň harby güýçleriniň ukup-başarnygyny gerekli derejä ýetirmegiň azyndan üç ýyl wagt aljagyny duýdurdy.

Ol Yragyň Mosul şäherini yzyna almak operasiýasynyň haçan başlanyp biljekligi baradaky soraga jogap bermekden boýun gaçyrdy.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama 18-nji dekabrda Yragyň premýer-ministri Haider al-Abadi bilen gürleşende, oňa hemme tarapy öz içine alýan hökümet döretmek we YD jeňçilerine garşy söweşde bütewi yrak frontuny gurmak baradaky tagallalary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle-de Obama Birleşen Ştatlaryň yrak harbylaryna tälim bermek, olary ýaraglar we enjamlar bilen üpjün etmek, jeňçilere garşy howa zarbalaryny urmagy dowam etdirmek borçlaryna ygrarly galýandygyny gaýtalady.

Şu aralykda Siriýanyň al-Kaşkiýa obasynda azyndan müň adam öldürilendir diýip howatyr edilýär diýip, Siriýanyň düýbi Britaniýada ýerleşýän Adam hukuklary obserwatoriýasy 18-nji dekabrda aýtdy.

"Ol ýerde şindem şoueitat tiresiniň müň adamy tapylmaýar. Biz olaryň hemmesi «Yslam döwleti» toparynyň söweşijileri tarapyndan, olar geçen tomus al-Kaşkiýa obasyna ilerlänlerinde, jezalandyrylyp öldürilendir öýdýäris” diýip, Siriýanyň Adam hukuklary obserwatoriýasynyň başlygy Rami Abdel-Rahman DPA habar gullugyna aýtdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG