Sepleriň elýeterliligi

Prokurorlar Nawalnyý üçin 10 ýyl sorady


Oppozision lider Alekseý Nawalnyý sudda, Moskwa, 14-nji awgust, 2014

Oppozision lider Alekseý Nawalnyý sudda, Moskwa, 14-nji awgust, 2014

Orsýetiň prokurorlary oppozision lider Alekseý Nawalnyny 10 ýyllyk türme tussaglygyna höküm etmegi soradylar. Nawalnyý özüne ogurlyk barada ýöňkelýän aýyplamalary Kremliň başga pikirliligi basyp ýatyrmak boýunça alyp barýan kampaniýasynyň bölegi diýip atlandyrýar.

Alekseý Nawalnyý we onuň dogany Oleg iki kompaniýadan, şol sanda Fransiýanyň “Yves Rocher” kosmetik kompaniýasyndan 31 million rubl möçberinde pul ogurlamak we şol pullaryň belli bir bölegini ýuwmak bilen bagly aýyplamalaryň esasynda suda çekildiler.

Prokurorlar Moskwanyň sudunda 19-njy dekabrda geçirilen diňleňişikde olaryň günäsiniň tassyklanandygyny aýdyp, Alekseý Nawalnynyň özüne 10 ýyl, onuň dogany Olege-de 8 ýyl möhleti bilen türme tussaglygynyň berilmegini sorady.

Iki jenaýata bir jeza

Prokuror Nadežda Ignatowa Aleseý Nawalnynyň 10 ýyl tussaglyga höküm edilmegi bilen oňa garşy iki aýyplama esasynda gozgalan işler, ýagny häzirki iş we 2013-nji ýylda agaç-gurluşyk materiallar döwlet kompaniýasyndan 16 million rubl möçberinde pul ogurlanlygy bilen bagly iş boýunça jogapkärçilik çekiljekdigini aýtdy.

38 ýaşly Alekseý Nawalnyý Orsýetde korrupsiýa garşy göreş alyp barýan öňdebaryjy aktiwist. Ol 2011-2012-nji ýyllarda hökümete garşy protestleri geçirmäge ýardam beripdi we 2013-nji ýylda Moskwanyň häkimi wezipesine geçirilen saýlawlarda ses berijiler tarapyndan goldanyp, Kremli alada goýupdy.

Alekseý Nawalnyý 2013-nji ýylda sud edilip, şertli tussaglyga höküm edildi. Ol özüne bu jezanyň berilmegine protestler arkaly Putine garşy çykmagy, syýasy aktiwligi we Orsýetde häkimiýetiň ýokary derejesindäki korrupsiýa garşy jemgyýetçilik derňewini geçirmek boýunça alyp baran işleriniň sebäp bolandygyny aýdýar.

Tussaglyk meselesi

Şertli tussaglyk onuň türmede saklanmagyny göz öňünde tutmaýan hem bolsa, Nawalnyý fewral aýyndan bäri öý tussaglygynda saklanýar.

Nawalnyý prokurorlaryň talaby barada Twitterde çap eden maglumatynda şeýle diýdi: “Bar zatda gowulygy tama etmeli. 10 ýyl – hiç bolmanda boşajak wagtyň näçe ýaşyňda boljakdygyňy hasaplamak üçin aňsat san”.

Hökümetiň tankytçylary Kremli sudy syýasy basyş guraly hökmünde ulanmakda aýyplaýarlar.

Sudýalar prokurorlaryň Nawalnyny suddan öň tussag astyna almak talaplaryny ret etdiler. Hususana-da, awgust aýynda bolan şeýle ýagdaý Nawalnynyň gözenegiň aňrysyna salynmagynyň Orsýetde ony gorap gurnalýan protestleri tutaşdyryp biljeginden Kremliň howatyrlanýandygy baradaky çaklamalary döretdi.

2013-nji ýylda Nawalnyý başda türmä höküm edilipdi we tussag astyna alnypdy, emma ol munuň bilen baglanyşykly Moskwanyň merkezinde Kremliň golaýynda geçirilen protestlerden soň boşadylypdy we onuň tussaglygy hem şonuň yzysüre ýatyrylypdy.

XS
SM
MD
LG