Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kongresmen AFAZ-dan iş isleýär


Birleşen Ştatlaryň dynç alşa çykýan kongresmeni Azerbaýjanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän we soňky ýyllarda Waşingtonda wagyzçylyk işlerini güýçlendiren topar bilen iş barada gepleşýär.

«Sunlight Foundation», hökümetde aýdyňlyk we hasabatlylyk barada çykyş edýän amerikan jemgyýetçilik guramasynyň maglumatyna görä, wirjinialy demokrat Jim Moran AFAZ, ýagny Azerbaýjanyň dostlary assambleýasy bilen iş gepleşiklerini alyp barýar.

AFAZ umuman alnanda Azerbaýjanyň döwlet eýeçiligindäki nebit kompaniýasy tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Azerbaýjan soňky wagtlarda günbatar resmileriniň we adam hukuklary toparlarynyň tankytlarynyň ýokarlanmagy bilen özüniň ABŞ wagyzçylyk işlerini güýçlendirdi.

Azerbaýjan şu ýyl birnäçe tanymal hukuk goraýjyny we žurnalisti tussag etdi we bu ýanamalaryň esasan syýasy sebäplidigi öňe sürülýär.

XS
SM
MD
LG