Sepleriň elýeterliligi

BMG: Owgan ilatynyň ýitgileri köpelýär


BMG Owganystanda asuda ilatyň arasyndaky pidalaryň şu ýyl rekord derejä göterilendigini, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 19 prosent ýokary galandygyny aýtdy.

BMG-niň Owganystandaky Kömek missiýasy 20-nji dekabrda Kabulda, noýabryň aýagyna çenli asuda ilatdan jemi 3,188 adamyň öldürilendigini, 6,429 adamyň bolsa ýaraly bolandygyny aýtdy.

Ýyllyk hasabatda bellenmegine görä, Owganystanda şu ýyl asuda ilatdan öldürilen we ýaralanan adamlaryň sany, BMG-niň hasaby boýunça, rekord derejä ýetipdir.

Şeýle-de hasabatda aýallara we çagalara ýetirilen zyýanyň degişlilikde 14 we 33 prosent ýokarlanandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG