Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Sony Pictures" öz kararyny goraýar


«Sony Pictures» Demirgazyk Koreýadan atylandyr öýdülýän haýbatlardan soň soňa goýlan "The Interviýew", «Söhbetdeşlik» filmini çykarmagyň täze alternatiwalaryna seredýändigini aýtdy.

«Sony Pictures» 19-njy dekabrda ýaýradan beýanatynda özüniň bu kinony Roždestwo baýramçylygyna gabat çykarmak kararyny ýatyrmagyny gorady, ýagny ýurduň teatr eýeleriniň köpüsiniň şol gün bu kinony görkezmezligi saýlap alandygyny aýtdy.

«Sony Picturesiň» başlygy Michael Lynton: "Biz yza çekilmedik, ýan bermedik, biz erjel we berk durus» diýdi.

Biraz öň amerikan prezidenti Barak Obama «Sony Picturesiň» bu satiriki komediýany yza süýşürmek bilen «ýalňyş goýberendigini» aýdypdy.

Ol komediýada Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Joň Anyň garşysyna kast ediş hüjümini gurnamak baradaky toslama plan beýan edilýär.

Federal derňew býurosy «Sony Picturese» atylan elektron we terror haýbatlarynyň arkasynda Phenýan dur diýensoň, Obama Birleşen Ştatlaryň Demirgazyk Koreýa «gaýtawul berjegini» aýtdy.

XS
SM
MD
LG