Sepleriň elýeterliligi

Moskwa sanksiýalara jogap berjegini aýdýar


Orsýet Birleşen Ştatlaryň täze sanksiýalaryny ugursyz bir zat hökmünde ret etdi we özüniň Krym ýarym adasyna taryhy hukugynyň bardygyny nygtady.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi täze sanksiýalaryň Moskwany Krymdan el çekmäge iterip bilmejegini, sebäbi onuň Orsýetiň gadymdan bäri içerki bölegi bolup gelýändigini aýtdy.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Aleksandr Lukaşewiç 20-nji dekabrda «biz Waşingtonyň we Ottawanyň bu hili aksiýalaryň yzynyň netijesiniň boljagy barada pikir etmegini maslahat berýäris» diýdi we Orsýetiň muňa jogap çärelerini görjegini duýdurdy.

XS
SM
MD
LG