Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

MA 2014-den soňky Owganystana taýýarmy?


Owganystan-Merkezi Aziýa II dialogy, December 14-nji dekabr, 2014 ý.
Owganystan-Merkezi Aziýa II dialogy, December 14-nji dekabr, 2014 ý.

Bu hepde hem Owganystan, hem-de Pakistan üçin ganly bir hepde boldy. Pakistanda mekdebe edilen hüjümde 145 töweregi çaga öldürildi, Owganystanyň Helmand welaýatynda banka, Owganystanyň paýtagty Kabulda howpsuzlyk güýçlerine garşy janyndan geçenleriň hüjümleri amala aşyryldy. Serhediň iki çetinde hem amala aşyrylan bu hüjümleriň jogapkärçiligini “Talyban” hereketi öz üstüne aldy.

Mälim bolşy ýaly, halkara güýçleriniň aglaba böleginiň Owganystany terk etmeli möhletiniň dolmagyna diňe 10 gün galdy. Eýse, olaryň Owganystany terk edýän wagtynda ýurt nähili ýagdaýda? 2014-den soň ýurtda, regionda ýagdaýlar nähili özgerer? Iň esasy sorag hem, Merkezi Aziýadaky döwletler 2014-den soňky bolup biljek ýagdaýlara taýýarmy?

Azatlyk Radiosy ýörite gepleşikler tapgyrynyň nobatdaky sanyny ynha şu tema bagyşlady. Söhbetdeşligiň myhmanlary:

Ilçi Maýkal Semple (Michael Semple) - Ýewropa Bileleşiginiň Owganystandaky missiýasynyň ýolbaşçysynyň ozalky orunbasary;

Ilçi Jon Herbst (John Herbst) – Birleşen Ştatlaryň Özbegistandaky ozalky ilçisi we düýbi Waşingtonda ýerleşýän Atlantik Geňeşiniň Ýewraziýa Merkeziniň ýolbaşçysy;

Dr. Braýn Williams (Dr. Brian Williams) - ABŞ-nyň MIT uniwersitetinde Yslam taryhy boýunça professor we Owganystan boýunça ençeme kitabyň, şol sanda general Dostuma bagyşlanan “Soňky meýdan komandiri” atly kitabyň awtory;

Brýus Paniýer (Bruce Pannier) – Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa bagyşlanan “Kişlog owozi” blogunyň redaktory Brýus Paniýer,

Programmany Azatlyk Radiosynyň müdiri Muhammad Tahir alyp barýar.

please wait

No media source currently available

0:00 0:23:59 0:00

XS
SM
MD
LG