Sepleriň elýeterliligi

Özbegistanda parlament saýlawy geçirilýär


Daşkent, saýlawyň öňüsyrasy. 19.12.2014

Daşkent, saýlawyň öňüsyrasy. 19.12.2014

Özbegistanda 21-nji dekabrda parlament saýlawlary geçirilýär, ýöne bu ses berişligiň hakyky özgerişlik getirjegine ynanýan synçy az.

Parlamentiň aşaky öýündäki 150 orna dalaş edýän kandidatlara ses bermek üçin 20 million özbegistanly hasaba alyndy.

Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Mirza-Ulugbek Abdusalamow “azat we adalatly saýlawlary geçirmek üçin halkara demokratik ölçegleriniň iň ýokary derejelerine gabat gelýän» şertleriň döredilendigini aýtdy.

Dalaşgärler Karimowy goldaýar

Bäsleşýän dört partiýanyň ählisi – Liberal demokratik partiýa, Halk demokratik partiýasy, Milli dikeliş demokratik partiýasy, Adalat sosial demokratik partiýasy – prezident Yslam Karimowyň alyp barýan syýasatyny goldaýar.

Karimow soňky ýyllarda parlamente käbir ygtyýarlyklary berdi, olaryň arasynda hökümete ynam bildirmezlige ses bermek mehanizmi, parlamentdäki köplüge eýe bolan partiýanyň premýer-ministri bellemek mümkinçiligi hem bar.

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy, «bäsleşigiň çäkli ýagdaýdadygyny» aýdyp, kiçi gözegçilik toparyny iberdi.

Oppozisiýa liderleri, soňky ýyllarda köpüsi ýurdy terk edensoň, saýlawlara gatnaşmazlyga çagyrdylar.

Özbegistanda daşary ýurt mediasynyň we internetiň hili gowy däl, milli metbugat bolsa hökümetiň berk kontrollygy astynda işlemeli bolýar.

Ýurda soňky iki on ýyllykda, Sowet Soýuzy dargaly bäri Karimow ýolbaşçylyk edýär, ol 2007-nji ýylyň dekabrynda täze ýedi ýyl möhlet gazandy.

Özbegistanyň parlamenti 201-nji ýylda konstitusiýa üýtgeşmeler girizip, prezidentlik möhletini ýedi ýyldan bäş ýyla getirdi.

76 ýaşyndaky Karimow mart aýynda prezidentlik saýlawlary bilen ýüzbe-ýüz dur.

Oruntutar meselesi

Synçylar bolup biljek mirasdüşeriň bolmazlygy häkimivetiň iň ýokary derejesinde barýan içki göreşi aňladyp biler diýýärler.

Bir zaman onuň uly gyzy Gulnara Karimowa mümkin bolan mirasdüşer hasaplanýardy.

Emma 42 ýaşyndaky ýalkymly telekeçi we tanymal modaçy häzir Daşkentde öz tussaglygynda saklanýar. Has anygy, onuň korrupsiýa we beýleki aýyplamalar esasynda işiniň derňelýändigi aýdylýar.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG