Sepleriň elýeterliligi

Nýu-Ýorkda iki ofiser öldürildi


Ýaragly adam, ýaragyny özüne öwürmezinden ön, Nýu-Ýokrda iki sany polisiýa ofiserini atyp öldürdi.

Nýu-Ýork polisiýasynyň başlygy ol ofiserleriň Bruklinde öz maşynlarynyň içinde, hiç bir duýduryşsyz we prowokasiýasyz tüpeňlenip öldürilendigini aýtdy.

Ýaragly adam soňra metro stansiýasynyň ýanynda özüni öldüripdir. Nýu-Ýork şäheriniň meri Bill de Blasio ol ofiserleriň «jezalandyryş stilinde» öldürilendigini aýtdy.

Prezident Barak Obama bu zalymlygy ýazgaryp çykyş etdi. Häkimiýetler ol adamyň bir gün öň öz öňki söýgülisini atyp ýaralandygyny we sosial ulgamda polisiýa haýbat atandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG