Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Facebook sahypasyny petikleýär


Rus häkimiýetleri oppozisiýa lideri Aleksndr Nawalnynyň goldawyna demonstrasiýa çykmaga çagyrýan Facebook sahypasyny petiklemegi buýurdylar.

Nawalnyý ogurlykda aýyplanýar we muny Kremliň özüni sem etmek kampaniýasynyň bir bölegi atlandyrýar.

Şu wagta çenli 12,000 Facebook ulanyjysy 15-nji ýanwarda Kremliň golaýyndaky Manež skwerinde geçiriljek demonstrasiýa gatnaşmaga ýazyldy.

Bu sahypa Orsýetden daşarda açyklygyna galýar.

Prokurorlar Nawalnä 10 ýyl türme tussaglygyny soraýarlar.

XS
SM
MD
LG