Sepleriň elýeterliligi

Rumyniýa Owganystana 450 esger iberer


Rumyniýanyň iş başyndan aýrylýan prezidenti Traian Basesku öz ýurdunyň Owganystana gelýän ýylyň başyndan goşmaça, ozal yglan edilen 200 harby instruktordan we tälimçiden başga, ýene 450 esger iberjegini aýtdy.

Basesku 20-nji dekabrda Rumyniýanyň ýokary goranyş geňeşiniň goşmaça esger ibermegi tassyklandygyny, olaryň Kandagar aeroportyny we günorta Owganystandaky harby bazany gorajagyny aýtdy.

Basesku bu sözleri Buharestde, öz prezidentliginiň soňky metbugat ýygnagynda aýtdy.

Şu aý NATO-nyň Owganystandaky kömek missiýasy soňlanýar we ol ýerde diňe 12,500 çemesi goldaw esgerleri galdyrylar.

XS
SM
MD
LG