Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda 17 adam öldürildi


20-nji dekabr agşamy gündogar Owganystanda ýedi adam ýol ýakasynda gömlen bombanyň pidasy boldy.

Polisiýanyň aýtmagyna görä, Kunar welaýatynyň Nari etrabynda ýarylan bomba maşynyň üstündäki iki çagany hem öldüripdir.

Başga bir habara görä, ýurduň demirgazyk welaýatynda pitneçiler barlag nokadyna hüjüm edip, 7 polisiýa ofiserini öldürip, bäşsini ýaralapdyrlar.

Jowuzjan welaýatynyň ýokary derejeli polisiýa resmisi Abdul Mannan Raufi pitneçileriň 20-nji dekabrda Goşteppa etrabynda ýerleşýän barlag nokadyna hüjüm edendiklerini aýtdy.

Raufi ol ýere goşmaça esger iberilendigini we şondan soňky atyşykda bäş pitneçiniň öldürilendigini aýtdy.

Kunar welaýatynda hökümet güýçleri bilen pitneçileriň arasynda bolan atyşyklarda hem azyndan üç raýat öldürildi.

Şu aralykda Kabul resmileri žurnalist Zubaýr Hataminiň hem ýogalandygyny aýtdylar, ol şu aýyň başynda fransuz medeni merkezine edilen kast ediş hüjümi mahalynda ýaralanypdy.

BMG şu ýyl Owganystanda asuda ilatdan öldürilen adamlaryň sanynyň rekord derejä ýetendigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG