Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Koreýanyň teklibini ret edýär


Birleşen Ştatlar «Sony Pictures» kino studiýasyna edilen haker hüjüminiň arkasynda Demiragzyk Koreýanyň durandygy baradaky beýanatyny gaýtalady.

Bu sözler Phenýan bilelikde derňew geçirmäge çagyrandan soň aýdyldy.

Ak tam 20-nji dekabrda özüniň Federal derňew býurosynyň çykaran netijesine, ýagny "Sony Picturesiň» "The Interviýew", «Söhbetdeşlik» filmini yza çekmesiniň arkasynda duran haker hüjüminiň Demirgazyk Koreýadan edilendigine ynanýandygyny aýtdy.

Bu komediýada Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Joň Anyň janyna kast etmek baradaky toslama plan suratlandyrylýar.

Milli howpsuzlyk geňeşiniň sözçüsi Mark Stroh: "Eger Demirgazyk Koreýanyň hökümeti kömek etmek islese, olar öz günälerini boýun alyp, "Sony Picturesiň» bu hüjüm sebäpli çeken zyýanyny tölesinler» diýdi.

XS
SM
MD
LG