Sepleriň elýeterliligi

Rublyň çökmegi migrantlara zarba boldy


Eloki obasy, Täjigistan

Eloki obasy, Täjigistan

Orsýetiň milli puly rublyň hümmetiniň peselmegi bu ýurtda işleýän millionlarça migrantlaryň gazanç etmek mümkinçiliginden mahrum bolmagyna getirdi.

Saadi Solehow Moskwanyň bazarynda dört ýyldan bäri geýim satyp, gazanç edýärdi, häzir ol öz söwda nokadyny ýapmaly boldy. Rublyň hümmetiniň peselmegi ýaş täjik söwdagärine agyr zarba urdy.

“Meniň girdejim rublda, emma men öýe dollarda pul ibermeli bolýaryn. Men her aýda 30 müň rubl gazanan bolsam, bu 1000 dollar bolýardy, iýmit we jaý çykdajylarymy aýyranymdan soň, men sentýabra çenli [öýmüze] her aýda 400 dollar iberip bilýärdim” diýip, 24 ýaşly Solehow gürrüň berýär.

Rublyň çökmegi

Soňky günlerde güýçli depginde hümmetini gaçyrýan rubl güýzüň başynda tiz gowşap başlapdy.

Orsýetiň milli pulunyň hümmeti 2014-nji ýylyň başynda bir amerikan dollaryna 33 rubl derejesinde bolupdy. Ukrainadaky krizis bilen bagly Orsýete garşy girizilen halkara sanksiýalaryň täsiriniň astynda bu dereje sentýabryň aýagynda 40, noýabrda 50, dekabryň ortalarynda 80-ne ýetdi.

Bu ýagdaý Solehowyň Orsýetdäki gazanjyna garaşly 12 adamdan ybarat bütin maşgalasynyň agyr ýagdaýa düşmegine sebäp bolýar. Merkezi Aziýada we Ýewropada şeýle migrant maşgalalaryň millionlarçasy bar.

Planlar yza tesdirildi

Häzirki wagtda Solehow täze işiň gözleginde, emma ol öz ýurdunda iş bolmansoň, öýüne dolanmagyň çykalga däldigini aýdýar.

Saadi Solehowyň Tajigistanyň Eloki şäherinde ýaşaýan ejesi Mutabar Mirzoýewa, pul bolmansoň, indi oglunyň plnalaşdyrylan durmuş toýunyň goýbolsun edilip, onuň üçin gurulýan täze jaýyň gurluşygynyň hem durzulandygyny gürrüň berdi. Ol öz töweregindäki maşgalalaryň hem ençemesiniň kyn ýagdaýdadygyny aýtdy.

Orsýete garaşly

Orsýet işçi migrantlaryň iň köp barýan ýurtlarynyň biri, bu ýerde resmi hasaba alnan migrantlaryň sanynyň 1.1 million adamdygy habar berilýär (bu Orsýetiň Federal Migrasiýa Gullugynyň maglumaty), emma ýurtda bikanun işleýän migrantlaryň sanynyň 3.5 million adamdan aşýandygy aýdylýar.

Merkezi Aziýa regiony Orsýetdäki işçi migrantlaryň esasy çeşmesi bolup durýar. Dünýä Bankynyň maglumatynda daşary ýurtlarda gazanylan pula iň garaşly ýurtlaryň Täjigistan we Gyrgyzystandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG