Sepleriň elýeterliligi

Fransiýa: Sürüji tussag edildi


Fransiýanyň gündogaryndaky Dižon şäherinde arap dilinde “Alla beýikdir” diýip gygyryp, awtoulagyny adamlaryň üstüne süren adam tussag edildi.

Fransiýanyň ýerli resmileriniň berýän maglumatyna görä, bu wakada 11 adam ýaralanypdyr. Maglumatda ýaralananlaryň ikisiniň saglyk ýagdaýynyň agyrydygy habar berilýär.

Fransuz Içeri işler ministrliginiň metbugat sözçüsiniň berýän maglumatyna görä, awtoulagyň sürüjisi tussag edilmezden öň, öz ulagyny pyýada barýan adamlaryň üstüne tarap sürüpdir.

20-nji dekabrda Fransiýada polisiýa işgäri polisiýa merkezinde arap dilinde “Alla beýikdir” diýip gygyryp, üç ofiseri pyçaklap ýaralan adamy atyp öldüripdi.

XS
SM
MD
LG