Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lawrow palestinaly araçy bilen duşuşdy


Ýakyn Gündogaryň parahatçylyk gepleşikleri boýunça Palestinanyň baş araçysy Saeb Erekat Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşdy.

Erekat we Lawrow parahatçylyk tagallalarynyň statusyny we Palestina döwletiniň döredilmegine ýol açjak Birleşen Milletler Guramasynyň taslama rezolýusiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Palestinalylaryň adyna geçen hepde Iordaniýa tarapyndan hödürlenen taslamada gepleşikleri ahyrky derejesinde tamamlamak üçin 12 aýlyk möhlet kesgitlenilýär we ysraýyllylaryň Palestinanyň territoriýasyndan doly çykmagy üçin 2017-nji ýylyň ahyryna çenli möhlet goýulýar.

Ysraýyl bu taslama berk garşylyk görkezdi we Birleşen Ştatlar ony goldamajakdygyny mälim etdi.

22-nji dekabrda Moskwada Erekat bilen geçiren ýygnagynda Lawrow Russiýa “öz döwletliligini gazanmak barada palestinalylaryň kanunalaýyk islegini doly goldaýar” diýdi.

XS
SM
MD
LG