Sepleriň elýeterliligi

Kürt söweşijileri Sinjary ele saldy


Yragyň demirgazygynda bolan güýçli çaknyşyklaryň netijesinde kürt söweşijileri “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerini Sinjar şäherçesinden gysyp çykardy.

21-nji dekabrda şäheriň içinden güýçli partlamalaryň we çaknyşyklaryň sesi eşidildi.

Birleşen Ştatlaryň harbylary 21-nji dekabrda Sinjaryň töwereginde dört howa hüjümini edendigini habar berýärler.

Geçen hepde Yragyň kürt peşmerga söweşijileri Sinjaryň kontrollugyny gaýtadan ele salmak üçin operasiýalary başlatdylar we Sinjaryň daglaryna tarap ýörite geçelge gurdular.

Yragyň demirgazygyndaky öz-züni dolandyrýan Kürt regionynyň prezidenti Masud Barzani Sinjar dagyndaky kürt söweşijileriniň pozisiýalaryna sapar edip, “Yslam döwleti” atly toparyň ýeňiljekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG