Sepleriň elýeterliligi

Awstraliýa terrorçylykdan howatyrlanýar


Awstraliýanyň premýer-ministri geçen hepdede Sidneýiň kafesinde bolan zamun alyşdan soň “terrorçylyk bilen bagly gürrüňleriň” möwjändigini aýtdy we ýene bir hüjümiň bolmagynyň ähtimallygyna seredilendigini belledi.

Abbot 23-nji dekabrda Milli howpsuzlyk komitetiniň maslahatynyň yzýany eden çykyşynda Awstraliýanyň terrorçylyga garşy taýýarlyk derejesini häzirkisinden ýokarlandyrmaýandygyny mälim etdi, emma adamlary hüşgär bolmaga ündedi.

Eýranda doglan Haron Monis 17 adamy 16 sagatlap Sidneýiň kafesinde zamunlykda saklapdy we yslam baýdagyny galgadyp, premýer-ministr Toni Abbot bilen gepleşmegi talap edipdi. 16-njy dekabrda polisiýanyň kafe eden hüjüminiň netijesinde Monis we iki zamun öldürilipdi.

XS
SM
MD
LG