Sepleriň elýeterliligi

Facebook: 27000 adam Nawalnyny goldady


Oppozision lider Alekseý Nawalnyý

Oppozision lider Alekseý Nawalnyý

Orsýetde 27000-den gowrak adam Facebookdaky täze sahypadan peýdalanyp, oppozision lider Alekseý Nawalnyny goldamak boýunça ýörişe gatnaşmak planlaryny mälim etdi.

Bu Facebook sahypasy Orsýetiň häkimiýetleriniň Nawalnyny goldamak boýunça demonstrasiýa çagyryş eden ozalky sahypany petiklemeginden soň döredilipdi. Nawalnyý ogurlyk bilen bagly aýyplama boýunça suduň kararyna garaşýar. Muňa syýasat bilen bagly iş hökmünde giňden seredilýär.

20-nji dekabrda media serişdelerine gözegçilik edýän Roskomnadzor agentligi agzalan sahypany Orsýetiň içinde petiklemegi tabşyrdy we öz kararynyň Orsýetiň Baş prokuraturasynyň talabyna esaslanýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG